BMG Ukrainada Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerde geçirilen referendumyň bikanundygyny belledi

BMG Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligindäki sebitlerde geçirilen referendumlaryň halkara hukuga görä bikanundygyny mälim etdi

1885679
BMG Ukrainada Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerde geçirilen referendumyň bikanundygyny belledi

BMG-nyň Syýasy we parahatçylygy dikeldiş işlerinden jogapkär Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari Dikarlo, ady agzalan referendumlaryň halkara hukuga görä "Halkyň ygtyýarynyň hakyky beýany bolmandygyny"we "bikanundygyny" habar berdi.  

Rozmari Dikarlo BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde beren beýanatynda: "Halkyň ygtyýaryna wekilçilik edýändigi öňe sürülen, başga bir döwletiň territoriýasynyň bir döwlet tarapyndan güýç bilen almaga synanyşylmagyny kanunylaşdyrmaga gönükdirilen birtaraplaýyn hereketler, halkara hukuga görä kanuny hökmünde kabul edilmez" diýip aýan etdi. 

BMG-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, birligine, garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine dolulygyna bagly bolmaga dowam edýändigini aýdan Dikarlo, Russiýanyň Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligi astynda bolan sebitlerde Ukrainanyň kanunlaryna hormat goýmagyny isledi. 

ABŞ-nyň BMG-daky hemişelik wekili Linda Tomas Grinfild bolsa BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine ady agzalan referendumy ýazgarýan kanun taslamasyny hödürlejekdigini mälim etdi. 

Tomas Grinfild Russiýanyň kanun taslamasyny weto eden halatynda bolsa ABŞ-nyň kanun taslamasyny BMG-nyň Baş Assambleýasyna hödürlejekdigini beýan etdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda, referendumyň topraklary ogurlamak we halkara hukuk düzgünlerini bozmakdygyny belläp, Russiýanyň dolulygyna izolýasiýa edilmegi barada çagyryş berdi. 

Zelenskiý ähli halkara guramalaryndan çykarylmagyny islän Russiýanyň basyp alyşlyk astyndaky Ukrainanyň topraklaryny galp referendum bilen anneksiýa eden halatynda, onuň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen gürrüňdeş bolup boljak hiç bir zadyň bolmandygy manysyna gelýändigini habar berdi. 

Ysraýyl hem Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine baglydygyny belläp, Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligi astynda bolan sebitlerde geçirilen referendumlary ykrar etmejekdigini beýan etdi. 

Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligi astyndaky Donetsk we Lugansk Halk Respublikalary bilen Russiýanyň goşuny tarapyndan basylyp alynan Herson we Zaparožýe sebitlerinde geçirilen referendumlardan Russiýa birikmek barada karar çykypdy. 

Ses bermäge gatnaşanlaryň 98,42 göterimi Russiýa birikmek barada ses berendigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #BMG

Degişli Habarlar