Prigožin Wagner toparyny nädip döredendigini ilkinji gezek aýan etdi

Ýewgeniý Prigožine degişli bolan "Konkord" kärhanasyndan berilen beýanatda, Progožiniň Wagneri nädip döredendigi bilen bagly beýanaty çap edildi

1884716
Prigožin Wagner toparyny nädip döredendigini ilkinji gezek aýan etdi

Russiýanyň Prezident köşgi "Kremliň aşçysy" hökmünde tanalýan rus işewür adam Ýewgeniý Prigožin rus howpsuzlyk kärhanasy Wagner toparyny Donbassdaky çaknyşyklar sebäpli 2014-nji ýylyň 1-nji maýynda döredendigini habar berdi. 

Ýewgeniý Prigožine degişli bolan "Konkord" kärhanasyndan berilen beýanatda, Progožiniň Wagner toparyny nädip döredendigi bilen bagly beýanaty çap edildi

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassda 2014-nji ýylda bolan çaknyşyklar sebäpli sebite gidendigini aýdan Prigožin: "Köne ýaraglary arassaladym, ok geçirmeýän bronžiletler bilen hut özüm gyzyklandym we bu meselede kömek edip biljek hünärmenler bilen tanyşdym. Ol wagt 2014-nji ýylyň 1-nji maýynda, soň Wagner adyny aljak watansöýüji topar ýüze çykdy" diýip habar berdi. 

Toparyň Luganskyň we Donetskiň gelejegini üýtgedendigini aýdan Ýewgeniý Prigožin, Wagner toparynyň Siriýa bilen birlikde Arap ýurtlarynda, Afrikada we Günorta Amerikada iş alyp barýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar