Nigeriýada buthana hüjüm guraldy

Nigeriýanyň Kaduna ştatynda buthanalaryň birine garşy guralan hüjümde 45 adam zamun alyndy, ençeme adam ýaralandy

1882557
Nigeriýada buthana hüjüm guraldy

Günorta Kaduna halklar bileleşiginiň başlygy Awemi Maisamari ýerli metbugata beren beýanatynda, motosiklli we ýaragly adamlaryň Kaduna ştatynyň Kajuru sebitindäki buthana hüjüm gurandyklaryny habar berdi. 

Maisamari, hüjümiň netijesinde buthanadaky we onuň golaýyndaky 45 adamyň zamun alynandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ýaragly adamlar tarapyndan zamun alynan käbir adamlaryň maşgalalary bilen aragatnaşyga geçendigini aýdan Maisamari, ýaragly adamlaryň paç talap edendiklerini aýan etdi. 

Ýurtda ýaragly adamlaryň motosikller bilen hüjüm guramaklary sebäpli käbir ştatlarda motosiklleriň ulanylmagyna gadagançylyk girizilipdi. 

Nigeriýada adam zamun almak jenaýatyna ölüm jezasy berilýän hem bolsa, ülkede paç üçin zamun almak wakalary ýygy-ýygydan başdan geçirilýär. 

Ýurtda artan howpsuzlyk meselelerine garşy göreşiň çäginde, ýaragly adamlara paç tölemek gadagan edilipdi. 


Etiketkalar: #buthana , #paç , #Nigeriýa

Degişli Habarlar