Germaniýada terror guramasy PKK-nyň agzasyna garşy kazyýet işi gozgaldy

Germaniýanyň Koblents şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza Özgür. A garşy gurama agza bolmak we dolandyryjylyk işlerini etmek günäkärlemeleri bilen kazyýet işi gozgaldy

1882022
Germaniýada terror guramasy PKK-nyň agzasyna garşy kazyýet işi gozgaldy

Karlsrue şäherinde ýerleşýän Federal Baş prokuraturadan berilen ýazmaça beýanatda, ady agzalan adama garşy ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasy bolmak günäkärlemesi bilen Koblents şäherinde kazyýet işiniň gozgalandygy habar berildi.

Özgür. A atly şahsyň 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri PKK-nyň düzümindedigi bellenen beýanatda, ady geçen adamyň tapawutly wagtlarda Gamburg, Berlin, Saarland, Reýnland-Pfals sebitlerinde sebitiň jogapkär ýolbaşçysy bolandygy aýan edildi. 

Beýanatda şol şahsyň esasan hem gurama üçin haýyr-sahawat pullarynyň ýygnalmagyna gözegçilik edendigi, esasanam ýurduň paýtagty Berlin şäherinde hut özüniň potansial hemaýatkärleriň haýyr-sahawat bermeklerini üpjün edendigi mälim edildi. 

Esktremist terror guramasynda guramaçylyk, agza we propoganda işleriniň koordinasiýasyndan jogapkär bolan Özgür A atly şahsyň 29-njy aprelde Bremende saklanandygy we tussagly ýagdaýda kazyýet işiniň gozgalandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar