BMG Galla Eksporty Hakyndaky Ylalaşygyň Möhletiniň Uzaldylmagyny Umyt Edýär

Ylalaşyk 120 möhlet üçin kabul edilipdi.

1879694
BMG Galla Eksporty Hakyndaky Ylalaşygyň Möhletiniň Uzaldylmagyny Umyt Edýär

BMG-niň Gara deňiz Galla başlangyjy boýunça Utgaşdyryjysy Amir Abdulla Ukrainanyň portlaryndan galla eksportunyň edilmegini ýola goýan ylalaşygyň 120 gün möhlet üçin kabul edilendigini, Türkiýäniň goldawy hem-de güýji bilen ylalaşygy uzaltmagy umyt edýändiklerini aýtdy.

Amir Abulla geçiren metbugat ýygnagynda ylalaşygyň saýasynda Ukrainadan häzirki wagta çenli 3 million tonna golaý gallany daşaýan 120 gäminiň çykandygyny beýan etdi.

Global galla önümleriniň nyrhlarynyň aşaklandygyna ünsi çeken Abdulla, galla eksportunyň amala aşyrylmagynda Türkiýäniň möhüm pozisiýa eýeländigini aýtdy.

Abdulla; “Bu 120 möhletli ylalaşyk. BMG we beýleki taraplar ylalaşygyň dowam etmegi üçin tagalla edýäris. Türkiýeden ylalaşygyň 120 günden soňam dowam etmegini goldajakdyklary hakynda ýüzlenmeler gelip gowuşdy. Olaryň güýji we BMG-niň töwellaçylyk tagallalary bilen onuň çözülmegini tama edýäris” diýdi.

Global azyk meselesiniň çözülmegi üçin Türkiýäniň utgaşdyrmagynda iş ýüzüne geçirilýän galla eksporty hakyndaky ylalaşyk, 22-nji iýulda Stambulda Ukrainanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we BMG-niň gatnaşmagynda kabul edilipdi.



Degişli Habarlar