Baýden Ukraina Harby we Maliýe Kömekleriň Dowam Etmegini Isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kanadanyň, Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň liderleri bilen Ukraina harby hem-de maliýe kömekleri bilen Ýewropanyň tebigy gaz üpjünçiligi hakynda pikir alyşdy.

1877809
Baýden Ukraina Harby we Maliýe Kömekleriň Dowam Etmegini Isleýär

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannama görä Baýdan Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Iohannis, Polşanyň Prezidenti Andreý Duda, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýuda, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass hem-de Fransiýa we ÝB-niň resmileri bilen gepleşikler geçirdi.

Ukraina harby we maliýe kömekleriň Russiýa bolsa sanksiýalaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigine üns çekilen duşuşykda liderler Ýewropa gymmaty ýokary bolmadyk gaz üpjünçiligi hakynda pikir alyşdylar.



Degişli Habarlar