Russiýa Tebigy Gaz Akdyrmagy Üç Gün Möhlet Bilen Bes Etdi

Rus tebigy gazyny Germaniýa akdyrýan Demirgazyk Akym turga göterijisinden akdyrylýan gaz şu günden başlap 3 günüň dowamynda bes edildi.

1873950
Russiýa Tebigy Gaz Akdyrmagy Üç Gün Möhlet Bilen Bes Etdi

Demirgazyk Akymyň dolandyryjy firmasy “Nord Strim AG” çap eden görkezijilerinde turba göterijiden 31-nji awgust bilen 2-nji sentýabryň aralygynda tebigy gaz akdyrmak meýilleşdirilmeýär.

Gazprom 19-njy awgustda beren beýanatynda, Demirgazyk Akym ugrunda işleýän bir kompressordäki abatlaýyş işleri sebäpli 31-nji awgustdan başlap üç günüň dowamynda tebigy gaz akdyrylmajakdygy habar berilipdi.

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskos tebigy gazyň akdyrylmagynyň ýurduna goýulan sanksiýalar sebäpli bes edilendigini, ýewropaly syýasatçylaryň edýan başlangyçlary sebäpli raýatlaryň artykmaç töleg tölemäge mejbur bolýandygyny aýtdy.

Gazprom turba göteriji ulgamynda ulanylýan käbir enjamlaryň abatlaýyş işleri sanksiýalar sebäpli ýerine ýetirilmeýändigi üçin turba göterijiden akdyrylýan tebigy gazyň mukdaryny 80 göterime çenli azaldypdy.



Degişli Habarlar