Ukrainadaky Galla Geçelgesi BMG-niň we Türkiýäniň Saýasynda Açyldy

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýastlaryndan jogapkär Wekili Žozep Borrell Ukrainadaky galla geçelgesiniň BMG bilen Türkiýäniň saýasynda açylandygyny aýtdy.

1870935
Ukrainadaky Galla Geçelgesi BMG-niň we Türkiýäniň Saýasynda Açyldy

Borrell Ispaniýadaky Halkara Menendez Pelaio uniwersitetiniň Santander şäherinde geçiren tomusky kursunda Ýewropanyň geljegi temaly okuw-seminaryna gatnaşdy.

ÝB-niň Ýokary wekili ol ýerde sözlän sözünde we geçiren metbugat ýygnagynda BMG-niň we Türkiýäniň başlangyçlary bilen Ukrainadan galla eksportunyň başlamagynyň möhümdigini nygtady.

Borrell; “Ukrainadaky galla bökdençligi BMG-niň we Türkiýäniň saýasynda aýryldy. Onuň kadalaşmagyny tama edýäris. Sebäbi 20 million galla hakda aýdýaryn. Eger dünýäde 20 million tonna galla, günebakar çigidi saklanan bolsa, ol käbir adamlaryň iýip-içip bilmejekdigini aňladýar” diýdi.

Borrell 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşinde 10 millin ukrainalynyň ýurduny terk edendigini we agyr netijeleri ýüze çykarjak söweşiň başdan geçirilýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar