Ýemende ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 13 adam ýogaldy

Ýyldyrymyň çakmagy netijesinde şeýle hem 21 adamyň ýaralanandygy habar berildi

1870591
Ýemende ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 13 adam ýogaldy

Ýemeniň demirgazygyndaky Hajje we Amran şäherlerinde soňky 24 sagatda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 13 adam ýogaldy, 21 adam ýaralandy.

SABA tarapyndan berilen habarda, Hajje şäheriniň tapawutly ýerlerinde ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 7 adamyň ýogalandygy, 8 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

'September Net' saýtynda berilen habarda bolsa, Amran şäherinde jynaza çäresiniň geçirilýän mahaly ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 6 zenanyň ýogalandygy, 13 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar