Gazprom 3 Gün Möhlet Bilen Tebigy Gazyň Kesiljekdigini Habar Berdi

Adaty abatlaryş işleri sebäpli 31-nji awgustdan başlap 3 gün möhlet bilen tebigy gaz kesiler

1870256
Gazprom 3 Gün Möhlet Bilen Tebigy Gazyň Kesiljekdigini Habar Berdi

Rus energetika firmasy Gazprom, Demirgazyk Akym turba geçirijisinden, adaty abatlaryş işleri sebäpli 31-nji awgustdan başlap 3 gün möhlet bilen tebigy gazyň kesiljekdigini habar berdi.

Gazpromdan berlen beýannamada, Portowaýa bekedinde tehniki abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi nygtaldy.

Beýannamada Siemens firmasynyň hünärmenleri bilen birlikde geçiriljek abatlaýyş işleri sebäpli 31-nji awgustdan 2-nji sentýabra çenli Demirgazyk Akym turba geçirijisinden 3 gün möhlet bilen tebigy gazyň kesiljekdigi bellenildi.

Beýannamada, abatlaýyş işleriniň tamamlanmagyndan soň hiç hili näsazlyk ýüze çykman halatynda günde 33 million kub metrlik gazyň akdyryljakdygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar