Rus Goşunlarynyň Doneske Gurajak Hüjümiň Öňi Alyndy

Ukrainanyň Baş ştaby rus goşunlarynyň Doneske gurajak hüjümleriniň öňüniň alynandygyny beýan etdi.

1870097
Rus Goşunlarynyň Doneske Gurajak Hüjümiň Öňi Alyndy

Goşun soňky 24 sagatdaky çaknyşyklar we rus goşunlarynyň ýitgileri hakynda beýannama berdi.

Beýannama görä rus goşunlary esasan Doneskde jemi 400 esgerini ýitirdi.

24-nji fewraldan 19-njy awgusta çenli Ukrainada jemi 44,700 rus esgeri täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Degişli döwürde ruslara degişli 234 uçar, 197 dik uçar, 1899 tank, 4,195 sowutly ulag, 1016 top, 266 raketa atyjy  ulgam we 141 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Rus güýçleriniň 3,130 ulagynyň, 15 gämisiniň we ýeňil gaýygy bilen 795 uçarmansyz howa ulagynyň hem hatardan çykarylandygyna üns çekilýän beýannamada, ruslaryň atan 190 ganatly raketasynyň bolsa Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan urlup düşürilendigi habar berildi.

Ukrainanyň Baş ştaby çaknyşyklaryň Doneskde möwç alýandygyny, emma ähli hüjümleriň Ukrainanyň goşunlary tarapyndan yza serpikdirilendigini  beýan etdi.



Degişli Habarlar