Krymda ok-däri ammarynda partlama boldy

Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krymda ok-däri ammarynda partlama boldy

1868378
Krymda ok-däri ammarynda partlama boldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Krymyň Janköý sebitindäki Maýskoýe obasynyň golaýynda ýerleşýän harby birikmä degişli ok-däri ammarynda ýangynyň ýüze çykandygy mälim edildi. 

Ýangynyň netijesinde ok-däri ammarynda partlamanyň bolandygy habar berildi. 

Wakada ýaralanan adamlaryň bolmandygy beýan edilip, sebite ýangyn söndürijileriň gönükdirilendigi aýan edildi. 

Ýangynyň näme sebäpli başlandygyny anyklamak maksady bilen derňew işi başladyldy. 

Maýskoýe obasynyň golaýyndaky Janköý şäherindäki elektrik geçiriji merkezinde hem ýangynyň ýüze çykandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #ammar , #ok-däri , #partlama , #Krym

Degişli Habarlar