Fransiýadaky ýangyn gözegçilik astyna alyndy

Fransiýanyň Gironde sebitinde 9-njy awgustda başlan we takmynan 74 ind km ýerde täsirli bolan ýangyn gözegçilik astyna alyndy

1867814
Fransiýadaky ýangyn gözegçilik astyna alyndy

Ýangyn sebitde ýagan ýagyşlar sebäpli öz täsirini ýetiren hem bolsa, Gironde sebitiniň Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Mark Wermeulen ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, emma doly ýagdaýda söndürilip bilinmändigini habar berdi. 

Wermeulen, sebitdäki ýollaryň ulaglara açylandygyny, tokaý zolaklara gidýän ýollaryň bolsa entek ýapykdygyny mälim etdi. 

Resmiler 74 ind km ýere ýaýran ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň, Gironde sebitinden ewakuasiýa edilen müňlerçe adama öýlerine gaýdyp barmaklary barada çagyryş berdi. 

Gironde sebitindäki ýangyn söndürmek işlerine uçarlar bilen birlikde 1100 ýangyn söndürijiniň hem ýangyn söndürmek işlerine gatnaşandygy habar berildi. 

Fransiýada şu ýyl täsirli bolan ýangynlarda 600 ind km tokaý zolagy kül boldy. 


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Fransiýa

Degişli Habarlar