Müsüriň Giza şäherindäki buthanada bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Müsüriň Giza şäherindäki buthanalaryň biriniň ýanmagy netijesinde azyndan 41 adamyň ýogalandygy habar berildi

1867624
Müsüriň Giza şäherindäki buthanada bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Resmiler Giza şäherindäki Abu Sifin buthanasynda ýangynyň bolandygyny, wakada ilkinji kesgitlemelere görä 41 adamyň ýogalandygyny we 55 adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler. 

Ýangynyň dini çäräniň geçirilýän mahaly, generatoryň partlamagy netijesinde ýüze çykandygy we ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi aýan edildi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, içinde çagalar bagy bolan buthanada ýogalanlaryň aglabasynyň çagalardan ybaratdygy habar berildi. 

Wakanyň bolan ýerine ýangyn söndürijiler we tiz kömek gullugy gönükdirildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýe Müsürdäki buthana ýangynynda ýogalan adamlar üçin gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Müsüriň Giza şäherindäki Abu Sifin buthanasynda 14-nji awgust güni bolan ýangynda onlarça adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Wakada ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, doganlyk Müsüriň halkyna we Müsür döwletine gynanç bildirýäris, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar