Ispaniýadaky we Germaniýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär

Ispaniýa 21-nji asyryň iň uly tokaý ýangynlaryna garşy göreş alyp barýar

1865085
Ispaniýadaky we Germaniýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär

Ýewropanyň Tokaý ýangynlaryna garşy ylmy ulgam (EFFIS) Ispaniýada 220 müň gektardan gowrak tokaý meýdanynyň ýanandygyny habar berdi. 

Ýurtda 5 aýry ýerde tokaý ýangynlary dowam etmek bilen birlikde, Awila şäherindäki Santa Kruz del Wallede bolsa 1 müň gektardan gowrak tokaý meýdanyny küle öwüren ýangynyň entegem gözegçilik astyna alynmandygy mälim edildi. 

Zamora şäherindäki tokaýlyk meýdanda iýul aýynda bolan ýangynlarda welaýatyň jemi territoriýasynyň 3 göterimi küle döndi. 

Ispaniýanyň Içeri işler ministrligi, ýangynlaryň 95 göteriminiň adamlaryň geleňsizligi sebäpli bolýandygyny aýan etdi. 

Ispaniýanyň metbugaty 21-nji asyryň iň uly tokaý ýangynlaryna garşy göreş alynyp barylýandygyny, 17 awtonom dolanşygyň we merkezi hökümediň şu ýylyň başyndan bäri ýangynlary söndürmek we öňüni almak üçin 860 million ýewrolyk pul serişdesiniň bölünip aýrylandygyny beýan etdi. 

Germaniýada bolsa eýýäm ençeme wagt bäri dowam edýän gurakçylyk sebäpli artan tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek isleýän meýletinleriň, işlerinden rugsat alyp ýangyn söndürijilere goldaw berýändigi habar berildi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, şu ýylyň tomus paslynyň örän gurak bolmagy we guran ösümlikler sebäpli artan ýangynlara garşy göreş alyp barýan ýangyn söndürijileriň ýetişmeýändigi sebäpli ýüz tutan meýletin adamlaryň sanynyň artandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar