BMG, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Çagyryş Berdi

Guterreş, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi.

1864001
BMG, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Çagyryş Berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, Nýu-Ýorkda BMG-nyň merkezi jaýynda beren beýannamasynda, Guterreşiň iki tarapyň başdan geçirýän dartgynlyklaryny gepleşik arkaly çözjekdilerine ynanýandygyny aýtdy.

Dužarriç, Baş sekretaryň, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirýändigini belledi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, öňňin Garabagda ermeni güýçlerine garşy oeprasiýa başladandygyny habar beripdi.

Ruslaryň gözegçiligi astyndaky zolaklarda ermeni güýçleriniň guran hüjüminde Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esgeriň şehit bolandygy habar berildi.

2020-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermenistanyň harby goşunynyň ilatly ýerlere guran hüjüminden soň Azerbaýjan, Garabagda basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny halas etmek üçin operasiýa başladypdy.

44 gün dowam eden çaknyşyklardan soň Russiýa, 2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň ylalaşyk gazanandygyny we hüjümleriň bes edilendigini, Bakuwyň basyp alyşlyk astyndaky welaýatlaryň gözegçiligini ele geçirendigini habar beripdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar