Baýden, Zawahiriniň Owganystanda Guralan Howa Hüjüminde Öldürlendigini Tassyklady

Baýden,  “Zawahiri gitdi we bu terrorçy indi ýok” diýdi.

1862446
Baýden, Zawahiriniň Owganystanda Guralan Howa Hüjüminde Öldürlendigini Tassyklady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Al Kaidanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Eýmen Zawahiriniň Owganystanda guralan howa hüjüminde öldürlendigini tassyklady.

Ak Tamda metbugata beýannama beren Jo Baýden, Zawahiriniň Kabulda maşgalasy bilen birlikde gizlenýän ýeriniň anyklanandygyny we ýekşenbe güni uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde öldürlendigini belledi.

Baýden,  “Zawahiri gitdi we bu terrorçy indi ýok” diýdi.

Zawahirä guralan operasiýa bilen adalatyň ýola goýlandygyny ýatladan Baýden, ýurdunda Al Kaida tarapyndan 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda guralan hüjümde ýogalanlaryň hossarlarynyň indi arkaýyn bolup biljekdigini belledi.

Baýden “Näçe wagt dowam etjekdigine garamazdan ýurdumyz halkyna abanýan howy ortadan aýyrmakda egilşik etmez” diýdi.

Zawahirä garşy guralan operasiýany “üstünlikli” hökmünde häsiýetlendiren Jo Baýden, ABŞ-nyň razwetke güýçlerini gazanan üstünligi bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi.


Etiketkalar: #terrorçy , #Ak Tam , #Jo Baýden , #ABŞ

Degişli Habarlar