Muhammed Bin Salman Fransiýada Saparda Bolýar

Muhammed bin Salman Fransiýa guraýan saparynyň çäginde paýtagt Parižde Prezident Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

1861471
Muhammed Bin Salman Fransiýada Saparda Bolýar

Saud Arabystanynyň mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman Fransiýada saparda bolýar.

Muhammed bin Salman Fransiýa guraýan saparynyň çäginde paýtagt Parižde Prezident Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Makron bilen Muhammed bin Salmanyň özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi, howa çalşygy we sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Makron bilen Muhammed bin Salman duşuşykda şeýle hem Ukraina söweşi we Eýtranyň ýadro şertnamasy hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar