Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy

Eýranyň paýtagty Tähranyň golaýyndaky obalarda güýçli ýagyş sebäpli gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi.

1861125
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy

Milli Krizis Merkeziniň Başlygy Hasan Nami, Tähranyň gündogaryndaky Waskara obasynda sil sebäpli 1 adamyň ýogalandygyny, 14 ulagyň suwuň aşagynda galandygyny beýan etdi.

Tähranyň Marzdaran obasynda ýagdaýyň agyrdygyny beýan eden Nami, öýleriň suwuň aşagynda galandygyny we obada ýer süýşmesiniň emele gelendigini habar berdi. Nami häzirki wagta çenli Marzdaranda 6 adamyň ýogalandygyny, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Meteorologiýa Tähranda şenbe we ýekşenbe günleri hem ýagyşyň dowam etjekdigini habar berip, halky derýa we dere ýataklaryndan daşda durmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar