ÝB Russiýa Goýan Ykdysady Sanksiýalaryny 6 Aý Uzaltdy

ÝB Russiýa goýulan ykdysady sanksiýalaryň möhletini ýene-de 6 aý uzaltmak hakynda karar kabul etdi.

1859720
ÝB Russiýa Goýan Ykdysady Sanksiýalaryny 6 Aý Uzaltdy

ÝB Geňeşinden berilen beýannamada, Russiýanyň ykdysadyýetine goýulan sanksiýalaryň 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltmagy boýunça netijä gelinendigini mälim edildi.

Russiýanyň Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli goýulan ykdysady sanksiýalaryň 2014-nji ýylda başlandygyna üns çekilýän beýannamada, şol sanksiýalaryň geriminiň Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi bilen fewral aýyndan başlap giňeldilendigi habar berilýär.

Beýannamada häzirki wagtda sanksiýalaryň maliýe, energetika, senagat, ulaglar, tehnologiýa, iki ulanyşly harytlar we ýokary amatlykly önümler bilen birlikde giň pudagy öz içine alýandygy ýatladylýar.

ÝB Ukraina-Russiýa söweşiniň başlagyndan soň 7 sany sanksiýa bukjasyny güýje girizdi.



Degişli Habarlar