Ugandada 900-den Gowrak Adam Açlyk Sebäpli Ýogaldy

BMG-na görä, sebitdäki her 10 adamdan 8-i açlyga garşy göreşýär.

1859200
Ugandada 900-den Gowrak Adam Açlyk Sebäpli Ýogaldy

Ugandanyň demirgazygynda ýerleşýän Karamoža sebitinde 900-den gowrak adamyň açlyk sebäpli ýogalandygy öňe sürüldi.

Daily Monitor gazetiniň habaryna görä, fewrala ýyndan bäri açlyk we açlyk bilen arabaglanşykly hassalyklar sebäpli Kaabongda 259, Napakda 49, Kotidada 626 adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň esasy böleginiň çagalardan we ýaşulylardan ybaratdygy nygalýar.

Sebitde täsirini dowam etdirýän guraklyk, oba hojalyk we maldarçylyk pudagyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär.

Ýerli ýoblaşçylar hökümete sebite berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy üçin çagyryş berdi.

BMG-na görä, sebitdäki her 10 adamdan 8-i açlyga garşy göreşýär.

 


Etiketkalar: #guraklyk , #açlyk , #Uganda

Degişli Habarlar