Russiýa ukrainalylara rus raýatlygyny berýär

Russiýa Ukraina garşy söweşde gözegçilik astyna alan sebitlerinde, rus raýaty bolmak isleýän adamlara Russiýanyň pasportyny bermäge dowam edýär

1858413
Russiýa ukrainalylara rus raýatlygyny berýär

Ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ähli ukrainalylara rus raýatlygynyň berilmegini ýeňilleşdirýän karara gol çekmeginden soň, Russiýa Ukrainada öz gözegçiligi astyna geçiren sebitlerinde rus raýatlygy üçin ýüz tutan ukrainalylara pasport berýär. 

Ukrainanyň Melitopol we Herson şäherlerinde 11-nji iýunda rus pasportlary paýlanmaga başlandy. 

Rus metbugatynda berilýän habarlara görä, Zaparožýe sebitinde 70 müňden gowrak ukrainaly rus pasportyny almak üçin ýüz tutdy. 

Putin 2019-njy ýylda gol çeken karary bilen Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň rus raýatlygyna geçmegini ýeňilleşdiripdi. 

Ukrainanyň Herson we Zaparožýe sebitlerinde ýaşaýan adamlar hem 25-nji maýda şoňa goşulypdy. 

Putin mundan başgada 11-nji iýulda Ukrainanyň ähli sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň rus raýatlygyna geçmegini ýeňilleşdirýän karara gol çekipdi. 



Degişli Habarlar