Yrakly resmi: "Duhok terrorçylaryň işi" diýdi

Türkiýe asuda ilatyň nyşana alynan şol hüjümi ýazgarypdy

1858148
Yrakly resmi: "Duhok terrorçylaryň işi" diýdi

Yragyň mejlisindäki sünni es-Siýade koalisiýasynyň başlygy Hamis Hançer, Duhok şäherinde başdan geçirilen we asuda ilatyň nyşana alynan hüjümiň terror guramasynyň hüjümidigini aýan etdi. 

Hamis Hançer sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Duhok wakasynyň terror guramasynyň oýunydygyny we hüjümiň sebitdäki terror guramalary tarapyndan guralandygyny mälim etdi. 

Yragyň Türkiýe bilen bolan serhediniň golaýynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň we käbir ýerli ýaragly söweşijileriň goldawy bilen hüjümiň guralandygyny aýdan Hançer, hökümediň iň tiz wagtda olara garşy ädim etmegini talap etdi. 

Hançer, terror mafiýalary tarapyndan atylan bu ädim bilen ýurduň raýatlarynyň janyna kast edip, syýasy maksatlaryna ýetmek isleýändiklerini habar berdi.  

Ýurduň özygtyýarlylygynyň goralmagy üçin yraklylaryň ählisiniň jebisleşip şol terrorçylara garşy durmalydygyny islän Hançer, Yragyň hökümediniň terrorçylaryň öňünde hereketsiz ýagdaýda galmagyna gynanýandygyny beýan etdi. 

Yragyň Duhok welaýatynyň Zaho etrabynda çarşenbe güni bir çeşmäniň kenarynda guralan hüjümde 9 adamyň ýogalandygy, köp sanda adamyň ýaralanandygy mälim edilipdi. 

Türkiýe asuda ilatyň nyşana alynan şol hüjümi ýazgarypdy. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Duhok , #Yrak

Degişli Habarlar