Russiýa Awstraliýanyň 39 raýatyny sanksiýa sanawyna girizdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen birlikde Awstraliýanyň 39 raýatyna ýurda girmegine gadagançylyk girizilendigini habar berdi

1858248
Russiýa Awstraliýanyň 39 raýatyny sanksiýa sanawyna girizdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Awstraliýanyň ozal "Magnitskiý kanunynyň" çäginde Russiýa garşy sanksiýa girizendigi ýatladyldy. 

Awstraliýanyň Russiýa garşy sanksiýa girizmek ugrunda syýasat alyp barýandygy bellenen beýanatda: "Ikitaraplaýynlylyga laýyklykda Awstraliýanyň hukuk goraýjy edaralary, Serhet gullugy we Goranyş pudagynyň potratçy kärhanalarynyň wekillerinden ybarat 39 adam, goşmaça häsýetde ýurda girmek gadagançylygy girizildi" diýip habar berildi. 

"Hermitage Capital Management" gaznasynyň aklawçylaryndan Sergeý Magnitskiýniň 2009-njy ýylda Russiýada göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalmagyndan soň, ABŞ we Ýewropa ýurtlary Russiýanyň göz tussaglygyna bolan mahaly gerek bolan çäreleriň görülmändigini belläp, jogapkär býurokratlaryň jezalandyrylmagyny isläpdiler. 

Şol çäkde 2012-nji ýylda ABŞ-da kabul edilen Magnitskiý kanuny, adam hukuklarynyň düzgünlerini bozan rus býurokratlaryna garşy ABŞ-na girmeklerine gadagançylyk girizilmegi bilen birlikde ençeme sanksiýa girizilipdi. 



Degişli Habarlar