Hindistanyň täze Prezidenti belli boldy

Hindistanyň Parlamentinde 4 müň 896 agzasynyň 18-nji iýulda geçirilen sala salşygyň netijeleri aýan edildi

1858116
Hindistanyň täze Prezidenti belli boldy

Hindistanyň 15-nji Prezidenti, hökümediň başyndaky Bharatiýa Janata partiýasynyň öňbaşçylygyndaky saýlaw alýansy Milli Demokratik alýansyň dalaşgäri Draupadi Murmu boldy. 

Hindistanyň Parlamentinde 4 müň 896 agzasynyň 18-nji iýulda geçiren sala salşygyň netijeleri aýan edildi. 

Netijä laýyklykda "tire-taýpa hanymy" diýip atlandyrylýan 64 ýaşyndaky Murmu saýlaw ýaryşynda üstün çykdy. 

Ýurduň ozalky Prezidentlerinden Pratibha Patilden soň şol wezipä saýlanan 2-nji zenan Prezident bolan Murmu üçin, 25-nji iýulda kasam edilşik dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Şu günki güne çenli öz partiýasynda ýokary wezipelerde işlän Murmu, 21-nji iýunda alýansda Prezidentlige dalaşgär hökmünde kesgitlenipdi. Murmu Hindistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, dogulyp, ýurduň ýokary wezipesine saýlanan ilkinji zenan we bir tire-taýpanyň agzasy bolan ilkinji Prezident boldy. 

Syýasata girişmeden ozal mugallym bolup işlän Draupadi Murmu, dogulan ýeri bolan Odişa ştatynda ministr, 2015 bilen 2021-nji ýyllar aralygynda Jarkandyň gubernatory bolup işledi. Agzasy bolan Santhal taýpasynyň lideri bolan Murmu, tire-taýpa hanymy hökmünde atlandyrylýar. 


Etiketkalar: #saýlaw , #Prezident , #Hindistan

Degişli Habarlar