Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artýar

Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 76 adama ýetdi

1854086
Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artýar

Ýurduň milli metbugatynda berilýän habarlara görä, ýagyşlaryň iň köp zyýan ýetiren Bulujystan welaýatynda 670 öýe we 12 suw howdanyna zeper ýetdi. 

Ýurduň paýtagty Yslamabad şäheriniň H-13 etrapçasyndaky öýleri suw basdy, Rawalpindide bolsa käbir ýollar suwyň aşagynda galdy. 

Ýagyşlaryň Gurban baýramy günlerinde ýurduň ähli ýerinde ýagmaga dowam etmegine garaşylýar. 


Etiketkalar: #sil apaty , #ýagyş , #Pakistan

Degişli Habarlar