Bir million musulman Haj parzlaryny ýerine ýetirdi

Haj parzlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Saud Arabystanyna baran 1 million musulman hajy boldy

1854192
Bir million musulman Haj parzlaryny ýerine ýetirdi

Arafat dagynda duran we ondan soň awtobuslar bilen Müzdelife tarap geçen zyýaratçylar, Wakfe dogasyny okap, şeýtany daşlamak däbini ýerine ýetirmek üçin daş ýygnadylar. 

Musulmanlar düýn gije toparlar görnüşinde takmynan 3,5 kilometrlik ýoly ýöräp geçip, Jemeratdaky şeýtan daşlamak meýdançasynda, uly şeýtan diýip atlandyrylýan "Akabe jemresine" 7 daş zyňdylar. 

Köp sanda musulman şeýtan daşlamak çäresinden soňky uzak ýörişden soň, baryp ýeten Käbäni zyýarat etdiler we saýy ýörişini ýerine ýetirip, saç-sakallaryny syranlaryndan soň ihramdan çykdylar. 

Şeýlelik bilen Haj parzlaryny ýerine ýetiren musulmanlar Hajy boldylar. 

Hajy bolan zyýaratçylaryň käbirleri erte we baýram namazlaryny Käbede okadylar. 

2020-nji we 2021-nji ýylda daşary ýurtlardan zyýaratçy kabul etmedik Saud Arabystanynyň resmileri, Kowid-19 pandemiýasy bilen bagly görülen çäreleriň ýeňilleşdirilmegi bilen birlikde, şu ýyl 65 ýaşdan kiçi 1 million zyýaratçyny kabul etjekdiklerini habar berdiler. 

Şol çäkde Türkiýe üçin 37 müň 770 adamlyk ýer aýrylyp goýuldy. 



Degişli Habarlar