Owganystandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artýar

Owganystanyň Paktika welaýatynda düýn gije bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 920 adama ýetdi

1846820
Owganystandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artýar

Ýurduň resmileri ýer titremäniň esasan hem Paktika welaýatynyň Giýan etraby bilen Host welaýatynyň Spireý etraplaryna täsir ýetirendigini habar berdiler.

Ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 920 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, köp sanda ýaralanan adamlaryň hem bardygyny beýan etdiler.

Resmiler gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini, sebite dikuçarlar bilen goldawyň ugradylandygyny aýan etdiler. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew edarasy ýer titremäniň ululygynyň ilki 6,1 bal ululygyndadygyny, soň bolsa 5,9 bal ululygyndadygyny habar berdi. 

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň gündogarynda, Pakistan serhedinde ýerleşýän Host welaýatynyň 46 km günorta-günbataryndadygy aýan edildi. 

Ýerli wagt bilen sagat 01:24-de bolan ýer titreme, paýtagt Kabul şäheri bilen birlikde, Pakistanyň paýtagty Yslamabad we Peşawar şaherleri ýaly ýakyn ýerlerde hem duýuldy. 



Degişli Habarlar