Russiýa Gallany Diňe Dost Ýurtlara Eksport Eder

“Oba hojalyk önümlerimizi diňe bize dost bolan we biziň üçin bökdençlik emele getirmeýän ýurtlara satarys”

1844776
Russiýa Gallany Diňe Dost Ýurtlara Eksport Eder

Russiýa, galla önümleriniň diňe dost ýurtlara eksport etjekdigini habar berdi.

Halkara Ykdysadyýet forumynda çykyş eden Russiýanyň Oba hojalyk ministri Dmitry Patruşew başdan geçirilýän kynçylyklara ünsi çekdi.

Ministr Patruşew, Russiýanyň azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlara azyk önümlerini bermek üçin şol kynçylyklary ortadan aýyrmalydygyny belledi.

Patruşew, “Oba hojalyk önümlerimizi diňe bize dost bolan we biziň üçin bökdençlik emele getirmeýän ýurtlara satarys” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin geçen aý beren beýannamasynda, ýurdunyň bugdaý hasylynyň şu ýyl has köp bolmagyna garaşýandyklaryny aýdypdy.

Günbatarly ýurtlaryň azyk ýetmezçiligi howpuny başdan geçirýändigini ýatladan Putin, azyk ýetmezçiliginden Günbatarly ýolbaşçylaryň jogapkärdigini öňe sürüpdi.

Bugdaýyň nyrhy soňky 2 aýda rekord derejede artdy. Galla krizisi hem dünýä ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.

Howa şertlerinden we täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we Günatarly ýurtlaryň Moskwa goýan sanksiýalary halkara azyk bazaryna ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.

 

 


Etiketkalar: #eksport , #galla , #Russiýa

Degişli Habarlar