Ýaponiýanyň we Hytaýyň Goranmak Ministrleri 3 Ýyl Soň Ýaňadandan Duşuşdy

i Kişi Nobuo bilen Weý Fenhe duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1842070
Ýaponiýanyň we Hytaýyň Goranmak Ministrleri 3 Ýyl Soň Ýaňadandan Duşuşdy

Ýaponiýanyň we Hytaýyň goranmak ministrleri 3 ýyl soň ilkinji gezek Singapurda geçirlen halkara forumyň çäginde iki çäk duşuşyk geçirdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Kişi Nobuo bilen Hytaýyň Goranmak ministri Weý Fenhe duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1 sagada golaý dowam eden duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Kişi, Hytaýa, Gündogar Hytaý deňizinde we Günorta Hytaý deňizinde durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin çagyryş berendigini aýtdy.

Kişi, Hytaýyň, Gündogar Hytaý deňizindäki jedelleşikli Senkaku adalarynyň statusynyň üýtgedilmegi baradaky tagallalaryna alada bildirýändiklerini nygtady.

Kişi, Taýwan bogazynda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagynyň halkara jemgyýetçiligi taýdan möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar