Russiýa Ukrainada rus pasportyny paýlamaga başlady

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan gol çekilen kararnama laýyklykda Ukrainanyň Melitopol, Herson we Zaparožýe şäherlerinde ýaşaýan ukrainalylara rus pasportlary berilmäge başlandy

1841771
Russiýa Ukrainada rus pasportyny paýlamaga başlady

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 25-nji maýda Ukrainanyň Herson we Zaparožýe sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň rus raýatlygyna geçmeklerini ýeňilleşdirýän kararnama gol çekipdi. 

Şol kararnama laýyklykda basyp alyşlyk astyndaky şäherlerde ýaşaýan ukrainalylar rus raýatlygyna geçip bilýärler. Birnäçe gün ozal bellenilip geçilen "Russiýa güni" bilen bagly çärelerde bolsa Ukrainanyň basyp alyşlyk astyndaky şäherlerde Russiýanyň pasporty paýlanmaga başlandy. 

Zaparožýe sebitiniň Melitopol şäherinde düýn geçirilen dabarada pasportlar eýelerine gowşuryldy. Zaparožýe welaýatynyň Russiýa tarapyndan bellenen harby dolanşygynyň lideri Wladimir Rogow: "6-njy iýuna çenli bu sebitde 70 müňden gowrak adam Russiýanyň raýatlygyna geçmek üçin ýüz tutdy" diýip belledi. 

Russiýa tarapyndan bellenen Herson sebitiniň harby dolanşygynyň lideri Wladimir Saldo bolsa halk tarapyndan Russiýanyň raýatlygyna geçmek üçin uly talabyň bardygyny belläp: "Hersonda ýaşaýan ähli ýaşaýjylar iň ýakyn wagtda Russiýanyň raýatlygyna geçmek isleýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar