Ursula Fon Der Lýaýen: Ukrainany Gaýtadan Dikelderis

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula Fon Der Lýaýen Ukrainany gaýtadan dikeltcekdiklerini, özleriniň oňa borçludyklaryny aýtdy.

1841017
Ursula Fon Der Lýaýen: Ukrainany Gaýtadan Dikelderis

Italiýanyň paýtagty Rime sapar bilen baran Lýaýeb, Maxxi Modern sungat merkezindäki çärä gatnaşdy.

ÝB Komissiýasynyň Başlygy ol ýerde sözlän sözünde; “Mariupolyň Häkimi we ukrainaly binagärler bilen duşuşyklar geçireris. Ukrainany gaýtadan dikelderis. Biz oňa borçly we ony ederis. Sebäbi ol biziň ahlak borcumyz” diýdi.

Gaýtadan dikeltmegiň, ilatly ýerlerde Ýewropanyň ýaşyl ylalaşygyna esaslanýan “Täze Ýewropa Bauhaus” ruhuna laýyklykda amala aşyrylmalydygyny nygtan Fon der Lýaýen, ÝB-niň gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri boýunça ösüş etmelidigini aýtdy.

Fon der Lýaýew: “Rus ykdysadyýeti tebigy gaza, nebite we kömüre esaslanýar. Biz hem olara garaşly. Bu elhen. Söweş sebäpli garaşlylygymyzy azaldarys. İndi degişli çäreler görülmeli, täze üpcün ediciler bilen güýmenmän gaýtadan işlenýän energiýa pudagyna gönükmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar