Zelenskiý: Aýda 10 Million Tonna Galla Eksport Edip Bileris

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Odessadaky protlar arkaly aýda 10 million galla eksport etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

1839031
Zelenskiý: Aýda 10 Million Tonna Galla Eksport Edip Bileris

Zelenskiý; “Häzirki wagtda şol ýerde 22-25 million tonna galla saklandy” diýdi.

Zelenskiý Ukrainada bellenilip geçilýän Metbugat işgärleriniň güni mynasybetli ýurtdaky žurnalistler bilen duşuşdy.

Ukrainanyň, özi üçin peýdaly bolmajak netijä razy edilmäge synanşylýandygyy nygtan Zelenskiý, halkara jemgyýetçiliginde söweş bilen bagly ýadawlygyň agyrlaşýandygyny we ähli taraplaryň özi üçin bähbitli netije isleýändigini beýan etdi.

Zelenskiý Russiýa bilen söweşiň gutarmagy boýunça heniz haýsydyr bir meýilnamanyň ýokdugyny beýen edip; “Haýsydyr bir meýilnama boýunça gepleşik geçirilmeýär. Elbetde bizi, ähli taraplar ýaly biziň üçin peýdasyz netijä gönükdirmek isleýär” diýdi.

Azowstaldan çykarylan 2,500-den gowrak ukrain esgeriniň Russiýada ýesirlikde saklanýandygyny nygtan Zelenskiý, ukrainaly ýesirleriň öýlerine dolanyp gelmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Zelenskiý galla eksporty boýunça gepleşikleriň BMG-niň ýany nilen Baltika ýurtlary we Polşa bilen dowam edýändigini, emma ýoluň alys bolmagy sebäpli olaryň ileri tutulmaýandygyny beýan etdi.

Ukrainanyň Odessada portlardan aýda 10 million galla eksport etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýdan Zelenskiý; “Häzirki wagtda ol ýerde 22-25 tonna galla saklanýar, güýzde 75 million tonna gallamyz bolar. Näme etmeli? Şeýlelikde portlar bolmasa bu iş başa barmaz” diýdi.

 



Degişli Habarlar