Putin Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1835573
Putin Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Putin bilen Aliýew telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda 2020-nji we 2021-nji ýylda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, sebitde parahatçylykly kadaly durmuşyň ýola goýulmagy we durnuklylygyň güýçlendirilmegi, ykdysady gatnaşyklaryň we transport pudagynyň üpjün edilmegi ýaly meseleler maslahatlaşyldy. 

Ilham Aliýew bolsa 22-nji maýda Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiren duşuşygy barada Putine maglumat berdi. 

Söwda we ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň biri-birinden tapawutly ugurlarynyň ele alynan telefon söhbetdeşliginde, Russiýa-Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygyň has hem çuňlaşdyrylmagy bilen bagly niýet bilen, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewiň 7-nji fewralda Moskwa guran resmi saparynyň netijeleri tassyklandy. 

Taraplar tapawutly derejelerde gatnaşyklaryň dowam etdirlmegi boýunça ylalaşdylar. 



Degişli Habarlar