Rus Güýçleri Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Rus güýçlerine degişli Su-35 kysymly harby uçar urlup düşürildi

1833911
Rus Güýçleri Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ukrainanyň Baş ştaby, rus goşunynyň Seweredoneksdäki hüjümlerini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Baş ştabdan berlen ýazmaça beýannamada, rus goşunynyň Slawýanskda Swýatogorsk we Wornopolýe ýaly käbir ilatly ýerlere top atandygyny, Sewerski we Dowgenkini howadan bombalandygy nygtaldy.

Beýannamada, rus goşunynyň Sewerodoneksde guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi, rus güýçleriniň Ukraina berilýän logistiki goldawy kesmek üçin Bahmutskda taktiki taýdan degişli çäreleri görýändigi bellenildi.

Beýannamada, Russiýanyň Awdeýewkada käbir etraplary we etrapçalary gury ýerden we howadan bombalandygy nygtaldy.

Beýannamada şeýle hem Ukrainanyň goşunyna degişli MiG-29 kysymly uçaryň rus güýçlerine degişli Su-35 kysymly harby uçary urup düşürendigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar