“Putin Diňe Ukrainany Ele Geçirmek Islemeýär, Ukrainanyň Halkyny we Medeniýetini Ýok Etmek Isleýär”

“Putin tutuş Ýewropanyň Finlýandiýa ýaly bitarap bolmagyny isledi, emma olaryň NATO agza bolmagyna iteri berdi”

1833940
“Putin Diňe Ukrainany Ele Geçirmek Islemeýär, Ukrainanyň Halkyny we Medeniýetini Ýok Etmek Isleýär”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň tutuş Ýewropanyň Finlýandiýa ýaly bitarap bolmagyny isleýändigini we emma olaryň NATO agza bolmagyna iteri berendigini nygtady.

Baýden, paýtagt Waşingtonyň golaýynda ýerleşýän Annapolis şäherinde Harby Deňiz Akademiýasynda geçirlen gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

Jo Baýden, Russiýa-Ukraina söweşinde ABŞ-nyň Russiýa goýan sanksiýalary we Ukraina berlen ýardamlary meselesinde uly rol oýnandygyny aýtdy.

Baýden, “Putin diňe Ukrainany ele geçirmek islemeýär, ukrainanyň halkyny medeniýetini we şahsyýetini ýok etmek isleýär. Mekdepleri, garrylar öýüni, hassahanalary we muzeýleri bombalamagynyň eýsem başga sebäbi barmy?” diýdi.

ABŞ-nyň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk etabyna goldaw berýändigine ünsi çeken Baýden “Putin tutuş Ýewropanyň Finlýandiýa ýaly bitarap bolmagyny isledi, emma olaryň NATO agza bolmagyna iteri berdi” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar