Dragi Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Dragi,ÝB-ne agza ýurtlar bilen birlikde Italiýanyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi

1833975
Dragi Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Italiýa tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Dragi bilen Zelenskiniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Dragi, telefon söhbetdeşliginde ÝB-ne agza ýurtlar bilen birlikde Italiýanyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Beýannamada, iki lideriň dünýäniň iň ýoksul ýurtlaryna uly howp salýan azyk krizisine garşy göreşmek üçin Ukrainanyň galla önümleriniň eksportynyň öňündäki bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy meselesi hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.

Zelenskiniň hem italiýan hökümetiniň edýän tagallasyny takdyr edýändigi bellenildi.

Italiýanyň Premýer-ministri Dragi penşenbe güni hem Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Dragi bilen Putiniň telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky 22 million tonna gallanyň ýurtdan çykarylmagy hakynda pikir alyşandygy, rus lideriniň galla eksportynyň öňündaki bökdençligiň ortadan aýrylmagy üçin Russiýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegini talap edýändigi nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar