ABŞ-da Neşe Maddasy Sebäpli Ýogalýanlaryň Sany Artýar

ABŞ-da neşe maddasy sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň adamdan geçdi.

1825715
ABŞ-da Neşe Maddasy Sebäpli Ýogalýanlaryň Sany Artýar

ABŞ-da geçen ýyl neşe maddasy sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň adamdan geçdi.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň görkezijilerine görä, 2021-nji ýylda ýurtda köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim artyp 100 müň adamdan geçdi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli neşe maddasyny ulanýanlaryň hassahanalarda bejeri almakdan kynçylyk çekendigi nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar