Putin, Ukrainanyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmak Isleýändigini Öňe Sürdi

Wladimir Putin, paýtagt Moskwada Gyzyl meýdanda çykyş etdi.

1824016
Putin, Ukrainanyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmak Isleýändigini Öňe Sürdi
Rusya Zafer Günü.jpg

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň ýadro ýaragyna eýe bolmak isleýändigini öňe sürdi.

Putin 24-nji fewralda başladan söweşleri üçin “Ukrainada garaşsyzlygymyz üçin näme etmeli bolsa etdik”diýdi.

Wladimir Putin, Sowet Soýuzynyň II jahan urşunda, faşist Germaniýany ýeňişiniň 77-nji ýylynda, paýtagt Moskwada Gyzyl meýdanda çykyş etdi.

Putin, Kiýewiň ýadro ýaragyna eýe bolmak isleýändigini öňe sürdi we şol sebäpli başladan söweşleri hakynda Ukrainada garaşsyzlygymyz üçin näme etmeli bolsa etdik”diýdi.

Günbataryň, Russiýany diňlemek islemeýändigini we başga meýilnamalarynyň bardygyny nygtan Putin “Bütin dünýäniň Ukraina döwrebap ýaraglary getirendigini görýäris” diýdi.

NATO-nyň harby operasiýa başladandygyny we rus topraklaryny ele geçirmegi meýilleşdirýändigini nygtan Putin “NATO-nyň ýurdunyň serhetleri üçin howpludygyny” belledi.

Ruslara garşy başladylan söweşi bes etmegi maksat edinýändiklerini aýdan Putin, “Şu günki günde Donbassda söweşýän esgerlerimiz geljegimizi goraýandyklaryny gowy bilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar