Ukraina: "Azowstaldaky ähli zenanlar, çagalar we garry adamlar ewakuasiýa edildi" diýdi

Russiýanyň gabawy astynda bolan Ukrainanyň Mariupol şäherindäki Azowstal desgalaryndaky ähli zenanlaryň, çagalaryň we garry adamlaryň ewakuasiýa edilendigi mälim edildi

1823530
Ukraina: "Azowstaldaky ähli zenanlar, çagalar we garry adamlar ewakuasiýa edildi" diýdi

Ukrainanyň Wise-premýer ministri Irina Wereşýuk beren beýanatynda, Mariupoldaky ynsanperwer operasiýanyň çäginde Azowstaldaky ähli zenanlaryň, çagalaryň we garry adamlaryň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. 

Wereşýuk: "Döwlet baştutanymyzyň buýrugy ýerine ýetirildi. Azowstaldaky ähli zenanlar, çagalar we garry adamlar ewakuasiýa edildi. Mariupoldaky ynsanperwer operasiýanyň bir bölegi tamamlandy" diýip aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukraina Russiýanyň gabawy astynda bolan Mariupol şäherindäki Azowstal metallurgiýa zawodynyň goragçylarynyň ewakuasiýasy üçin bir missiýanyň döredilmegi üçin Serhet tanamaýan lukmanlar guramasyna çagyryş berdi. 

Ukrainanyň Wagtlaýyn basylyp alynan ýerleriň reintegrasiýa ministri Irina Wereşýuk, Serhet tanamaýan lukmanlar guramasynyň Ukraina boýunça müdüri Mişel-Oliwýe Laşaritä hat ýazdy. 

Hatynda Azowstalda gabaw astyndaky adamlaryň lukmançylyk kömege elýeterlilikleriniň bolmazlygy, fiziki we psihiki ýagdaýlarynyň erbetleşendigine ünsler çekilip, şol ýagdaýyň BMG-nyň ylalaşyklaryna ters gelýändigi aýan edildi. 

Serhet tanamaýan lukmanlaryň iş ýörelgeleri göz öňünde tutulyp ýazylan hatda, Mariupoldaky we Azowstaldaky adamlaryň ewakuasiýa edilmegi we adam hukuklarynyň düzgünleri bozulan ýaralanan adamlara luklmançylyk kömeginiň berilmegi üçin bir missiýanyň döredilmegi bilen baglanşykly çagyryş berildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar