ÝB rus prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kirilli sanksiýa sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümlerini goldaýandygy sebäpli rus prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kirilli sanksiýa sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

1822372
ÝB rus prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kirilli sanksiýa sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

ÝB-niň Russiýa garşy taýarlan 6-njy sanksiýa bukjasynyň düzümine patriarh Kirilliň hem alynjakdygy bilen bagly maglumatlar Günbatar mediasynda berildi. ÝB-niň Daşary gatnaşyklar gullugy tarapyndan taýarlanan sanksiýa tekstinde patriarh Kirilliň Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerini goldaýan iň başdaky adamlaryň biri hökmünde beýan edildi. 

Patriarh Kirill mundan başgada Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukraina bilen bagly beýanatlaryny güýçlendirýän iň möhüm aktýor hökmünde häsýetlendirildi. Oňa mysal hökmünde bolsa Kirilliň geçirýän dini çärelerde söweşi goldap berýän beýanatlary görkezildi. 

Patriarh Kirill Putiniň eýýäm ençeme wagt bäri iň uly tarapdarlaryň biri hökmünde görkezilýär. 

ÝB-niň 6-njy sanksiýa bukjasynda Russiýadan nebitiň importynyň gadagan edilmegi, Sberbank bilen birlikde Russiýanyň uly banklarynyň SWIFT ulgamyndan çykarylmagy, käbir rus media organlaryna gadagançylygyň girizilmegi ýaly çäreleriň bardygy habar berildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başlatdy. 



Degişli Habarlar