Britaniýadan Russiýa eksport gadagançylygy

Beýik Britaniýa Russiýa eksport gadagançylygyny girizdi

1822069
Britaniýadan Russiýa eksport gadagançylygy

Beýik Britaniýa Russiýa ähli hyzmatlar pudagy boýunça eksport gadagançylygyny girizdi, şeýle hem 63 rus raýatyny we guramadyr-edarany sanksiýa sanawyna girzdi. 

Beýik Britaniýanyň hökümedi şol karar bilen Russiýanyň Beýik Britaniýanyň dolanşyk konsultasiýasy, bugalteriýa we jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen bagly hyzmatlara elýeterliligiň kesiljekdigini habar berdi. 

Mesele bilen bagly beýanat beren Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmek ahlak taýdan bes edildi, oňa dowam etmek Ukrainada gam-gussa sebäp bolan söweş maşynynyň maliýeleşdirilmegine kömek berer. Russiýanyň Beýik Britaniýanyň hyzmatlary bilen baglanşykly gatnaşyklardan kesilmegi, Kremle garşy has uly basyşa sebäp döreder we ol hem Putiniň Ukrainada şowsuzlyga duçar bolmagyna iterer" diýip belledi. 



Degişli Habarlar