Wengriýa baran ukrainalylaryň sany 650 müňden geçdi

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Wengriýa giren ukrainalylaryň sanynyň 650 müňden geçendigi mälim edildi

1821202
Wengriýa baran ukrainalylaryň sany 650 müňden geçdi

Wengriýanyň Premýer ministri Içerki howpsuzlygyň Baş maslahatçysy Dýordi Bakondi döwlet telewideniýe kanaly M1-e beren beýanatynda, Ukrainadan Wengriýa her gün 8-12 müň aralygynda adamyň girýändigini we söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan şu günki güne çenli ýurda girenleriň sanynyň 650 müňden geçendigini, şol görkezijiniň 900 müňe ýetmegine garaşýandyklaryny habar berdi. 

Wengriýanyň şu günki güne çenli bosgunlara seretmek üçin 40 milliard wenger forintini sarp edendigini, ÝB-niň bolsa şol mukdaryň diňe 2 göterimini berendigini aýdan Bakondi, ÝB-niň has köp goldaw bermegine garaşýandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar