Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO Agzalygyna Oňyn Garaýarys

Stoltenberg, Ýewropa Parlamentindäki syýasy toparlara Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

1819801
Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO Agzalygyna Oňyn Garaýarys

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Finlandiýanyň we Şwesiýanyň gurama agzalyk üçin etjek ýüz tutmalaryna oňyn garaýandyklaryny we agzalyk etabynyň gysga wagtda tamamlanyp biljekdigini aýtdy.

Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Ýewropa Parlamentindäki syýasy toparlara Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Stolternberg, Ýewropaly parlamentarlar bilen bolan duşuşygynyň öňüsyrasynda Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmak islän halatynda agzalyk etabynyň näçe wagt dowam etjekdigi hakyndaky soraga jogap beren Stoltenberg  “Ady agzalýan ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň NATO bilen utgaşyklydyklaryny bilýäris. Birlikde harby tälimler geçirýäris. Birnäçe operasiýada birlikde işleşdik. Ýüz tutmalaryna oňyn jogap berler. Agzalyk etaby gysga wagtda tamamlanar. Resmi etap tamamlanandan soň agza bolup bilerler” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #agzalyk , #NATO , #Finlandiýa

Degişli Habarlar