BMG-nyň Baş Sekretary Ukraina Bardy

Guterreş, Ukraina guran saparynyň çäginde Buça, Irpin we Borodýanka şäherlerine bardy.

1820048
BMG-nyň Baş Sekretary Ukraina Bardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Ukraina guran saparynyň çäginde Buça, Irpin we Borodýanka şäherlerine bardy.

Guterreş, Borodýankada söweş sebäpli haraba öwrülen etrapçalara baryp görenden soň beren beýannamasynda, “Özümi haraba öwrülen öýleriň birinde ýaly gördüm. Agtyklarymyň gorkudan iki tarapa ylgaýandygyny görýärin. Maşgala agzalaryndan biri ýogaldy. 21-nji asyrdaky söweş wagşyçylyk”diýdi.

Guterreş, Buçada bolsa Halkara Jenaýat kazyýetiniň agzalarynyň şähere gelmeginden we başdan geçirlen wakalary giňişleýin derňemeginden hoşaldygyny belledi.

BMG-nyň Baş sekretary Irpinde bolsa “Asuda ilat söweşiň jerimesini çekýär. Bu binalarda bigünä adamlar ýaşaýardy. Hiç hili arabaglanşyklyklarynyň ýokdygyna garamazdan söweşiň jerimesini çekýär”diýdi.

Paýtagt Kiýewiň golaýynda ýerleşýän Buça şäherini rus güýçlerinden 1-nji aprelde halas eden Ukrainanyň harby goşuny, binalary ýykylan, köçeleri jesetlerden doly şäheri görüp geň galypdy.

Kiýewiň golaýynda ýerleşýän şäherde 410 adamyň jesedi tapylypdy.


Etiketkalar: #Ukraina , #Baş sekretar , #BMG , #Irpin

Degişli Habarlar