Russiýada nebit ammarynda ýangyn ýüze çykdy

Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky Brýansk şäherindäki nebit ammarynda ýangyn ýüze çykdy

1817438
Russiýada nebit ammarynda ýangyn ýüze çykdy

Russian Today telewideniýe kanalynyň sebitiň resmilerine esaslanyp beren habaryna görä, Brýansk şäheriniň ençeme etrabynda partlamalar we ýangynlar boldy. 

Goranmak ministrliginiň Baş raketa we artilleriýe müdürliginiň 120-nji ok-däri ammaryna degişli harby birikmäniň ýerleşýän ýerinde hem ýangyn ýüze çykdy. 

Degişli gulluklar ýanan nebit ammarynyň golaýynda ýaşaýan adamlary ewakuasiýa etmäge başladylar. 

Resmiler wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygy barada maglumat bermedi. 

Brýansk şäheri Ukraina serhedine 154 km alysda ýerleşýär. 



Degişli Habarlar