ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Kiýewde Saparda Boldy

Blinken, Kiýewde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen düýn bolan duşuşygyndan soň Polşada metbugata beýannama berdi.

1817593
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Kiýewde Saparda Boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň Ukrainadaky söweşde harby nyşanalar taýdan üstünlik gazanyp bilmändigini belledi.

Blinken, Kiýewde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen düýn bolan duşuşygyndan soň Polşada metbugata beýannama berdi.

Russiýanyň Gündogar Donbasa tarap gitmek üçin Kiýewiň daş-töwereginden we Ukrainanyň demirgazygyndan esgerlerini yza çekendigini ýatladan Blinken, ruslaryň harby nyşanalar taýdan üstünlik gazanyp bilmändigini aýtdy.

Entoni Blinken “Russiýa üstünlik gazanyp bilmeýär, Ukraina bolsa üstünlik gazanýar” diýdi.

Russiýanyň Ukrainanyň boýun egmegini we özygtyýarlygyny elinden almagy maksat edinendigini nygtan Blinken “Russiýa maksadyna ýetip bilmedi” diýip belledi.



Degişli Habarlar