“Ukraina Degişli Uçarmansyz Howa Ulagyny Urup Düşürdik”

Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde rus güýçleriniň ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

1816176
“Ukraina Degişli Uçarmansyz Howa Ulagyny Urup Düşürdik”

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Konaşenkow, Ukrainada 14 harby desga nyşana alandyklaryny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde rus güýçleriniň ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Konaşenkow “Bir günde raketalar bilen Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli 14 harby desga nyşa alyndy. Raketa hüjüminde Papasnaýa etrapçasynda bir harby merkez, iki ammar, esgerleriň we harby ulaglaryň saklanýan iki etrapçasy hatardan çykaryldy” diýdi.

Konaşenkow, Şnurki we Slawýanskda ýarag ammarlary, Çerkasskoýe we Aleksandrowkada bolsa esgerleriň we harby tehniki ulaglaryň saklanýan zolagy nyşana alyndy. Milletçi güýçlerinden 120-ä golaý adam bilen 30-dan gowrak sowutly we harby ulagyň hatardan çykaryldygyny belledi.

Rus howa güýçleriniň bir günde Ukrainada 64 harby pozisiýany nyşana alandyklaryny aýdan Konaşenkow, rus topçularynyn bolsa 450 harby pozisiýa ot açandygyny nygtady.

Rus howa goranyş ulgamlarynyň Doneskiň golaýynda Ukraina degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini aýdan Konaşenkow, “Şu günki güne çenli Ukrainanyň harby goşunyna degişli 140 uçar, 106 dikuçar, 512 uçarmansyz howa ulagy, 254 howa goranyş ulgamy, 2 müň 422 tank we sowutly ulag, 266 raketa, 2 müň 274 harby ulag hatardan çykaryldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar