Ukrainanyň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý 934 ýaşaýyş zolagyny rus goşunyndan azat edendiklerini we şol sebitlerde gündelik durmuşyň barha kadalaşýandygyny mälim etdi

1815622
Ukrainanyň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ukraina sapar guran Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen giňişleýin we netijeli gepleşikler geçirendigini habar berdi. 

Mişel bilen Ukraina beriljek goldawlary we ýurdunyň ÝB-ne agzalyk tapgyryny maslahatlaşandyklaryny aýdan Zelenskiý, söweşden soň Ukrainanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin ediljek ädimleri ele alandyklaryny beýan etdi. 

Ukrainanyň goşunynyň azat eden ýerlerinde gündelik durmuşyň kadalaşmaga başlandygyny aýdan Zelenskiý: "934 ýaşaýyş zolagy azat edildi. Şolaryň 435-sinde polisiýa gullugy, 431-de bolsa ýerli dolanşyklar işlerine başlady. Raýatlaryň lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen, jemgyýetçilik gorag guramalaryna elýeterliliklerini tapgyrlaýyn häsýetde dikeldýäris. Gara ýol aragatnaşygyny, elektrik tok, tebigy gaz we suw üpjünçiligini öňki ýagdaýyna getirýäris" diýip habar berdi. 

Wladimir Zelenskiý, azat edilen sebitlerde Russiýanyň goşuny tarapyndan goýulan minalaryň we partladylmadyk ok-därileriň uly howp emele getirýändigini, şolary täsirsiz ýagdaýa getirmegiň köp wagt aljakdygyny we tagallalaryň edilmelidigini aýan etdi. 

Zelenskiý, Şarl Mişel bilen geçiren duşuşygyndan soň gurnalan umumy metbugat ýygnagynda bolsa, Russiýanyň gepleşikler tapgyrynyň çäginde Ukraina resminamanyň taslamasyny ugradandyklary baradaky beýanaty barada: "Bu meselede hiç zat eşitmedim. Bize hiç zat bermändiklerini ynam bilen aýdyp bilerin" diýip nygtady. 

Uly bölegi ruslaryň gözegçiligine geçen Mariupol şäheriniň hem üstünde durup geçen Ukrainanyň lideri: "Mariupolda ýagdaý erbetleşýär. Gynansagam onuň bilen bagly oňyn netije alyp bilemzok. Şäheriň gabawyny entek aýyryp bilmedik. Ony aýyrmagyň iki ýoly bar. Birinjisi bize agyr ýaraglaryň berilmegidir. Ikinjisi bolsa diplomatik ýol bar. Emma Russiýa ony kabul etmeýär" diýip habar berdi. 

Zelenskiý Mariupol şäherinde hem ukrainaly esgerleriň garşylyk görkezýändigini ýatladyp, hem esgerleriň hem-de asuda ilatyň gabaw astyndan çykarylmagy üçin: "Russiýanyň goşuny ölen esgerlerini we ýaralanan esgerlerini taşlap gitdi. Olar bilen hem esgerlerimizi hem-de asuda ilatymyzy çalyşmaga taýardyrys" diýip belledi. 

Zelenskiýniň zamun çalşygy bilen bagly teklibinden soň Ukrainanyň wekiliýetiniň agzalary Dawid Arakhamia we Mihail Podolýak, gepleşikler üçin Mariupol şäherine gitmäge taýardyklaryny habar berdiler. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar