Ukrainanyň Baş Ştaby rus güýçleriniň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-21-nji aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1815755
Ukrainanyň Baş Ştaby rus güýçleriniň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 21 müň esger öldürildi, ruslara degişli 172 uçar, 151 dikuçar, 829 taňk, 2 müň 118 sowutly ulag, 393 top, 136 raketa ulgamy we 67 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1508 ulagyny, 8 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 166 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy beýan edilipdi. 



Degişli Habarlar